
Hatarly ýol
Howp-hatarly, agyr ýoly,
özüň baryp, geç ýaraly,
sylamajak ak, garany,
hemmä gerek, bir saňa däl,
mukaddes ýol çagyran dek,
daşlaryny aýyrmaly,
bejermeli ýykyk ýerin,
näçe bolsa işçi, daýhan,
urmaly däl, gaýgyrmaly,
sylyp bolsa maňlaý derin,
emma belli, bu iş bolmaz,
hiç bir halda syrty galmaz,
dili uzyn, garalawçy
az görkezer näme etseň,
ýuwaş-ýuwaş düşünersiň,
sen gelmeli nirä gitseň,
ölmeli däl arzan, bilmän,
kim ýa näme yzdan gelýän,
saklanmaly özüň üçin,
ezizleriň üçin gözi
ýolda galan, geler diýip,
soň kemsizler aýyplasyn,
ähli ýoly kellä geýip.