
Söz urşy
Uruş barýar, adam döräp,
adam bölýär adamlary,
ol biziňki, bu biziňki,
köýen onda, munda ary,
adam bölýär adamlary,
bir-birine garşy goýup,
ýarag berip ellerine,
soňra diýýär öçli bary,
ýa-da diýýär sebäp, belki,
ykdysady ýagdaýlary...
Öňden gelýär, basyp alan,
eli güýçli iýýär doýup,
dili güýçli gürleýär kän,
beýlekiler diňlemeli,
ýazyp alyp aýdylany,
bölünenler, birleşmedik,
aç boldukça agzy ala,
ýuwutmaly kemsitmäni,
yza galan, ýaragy ýok,
ýöne talan ata-aba,
göterinip bilmän uzak,
ýa-da dokluk edip ýalta,
küteldikçe akyl-huşy,
dili bolup ýiti palta,
öz oturan şahasyny
çapýar adam göterilip,
düşüp bilmän barly bagdan,
bagyşlamak, geçirmek kyn,
söz ýarasy agyr dagdan.