Belki, daňyň ujy çyzylýar indi

Baýramsoltana

Saňa derwezesin açdy Watanyň,
Demir derwezesin, ýapylan uzak.
Sen dek düýnem aýalydyň “duşmanyň”,
Öňünden, yzyndan gurulan duzak.

Bäş million nökerli “beýik serdaryň”
Çykan bolup galam bilen öňünden,
Seni geçmez ýaly etdirdi ýaryň
Ömür beren ak mekdebiň deňinden.

Ölüm ýassygynda ýatan ataňy
Görmäge rugsat bermedik bende,
Näme boldy, ýa neneňsi döw çaldy,
Birden howp-hatar görmedi sende!

Belki, indi Han aganyň ruhy,
Her niçigem bolsa, ynjalar, güler.
Biz gaçypdyk “basym geleris” diýip,
Diýmändik hiç kimse garaşyp öler...

Diýmändik biz beýle uzaga çeker,
Garaňkylyk il başyna bürelen.
Belki, daňyň ujy çyzylýar indi,
Belki, az bor indi armanly ölen!

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024