Görmek işi
Näme bolsaň, kim bolsaň-da,
göreşseň-de näme üçin,
başga bolsaň, göçgün millet,
göç edende gitmän göçüp,
gykylyga goşulmasaň,
ýa dymmasaň dymanda il,
ýa içende içmeseň sen,
ýa çekende çekmeseň sen,
ýa gyzanda mala, pula,
ýa gul bolsa iň pes gula,
dil tansyny edip, bulap,
ak baýdagy galgatmasaň,
pikir etme, düşünerler,
keseki däl, dogan-gardaş,
dosty-ýaryň iň bolmanda,
görer diýme göreniňi,
biler diýme kyrk ýyl eçil,
nämä ömür bereniňi.
Aýakgapsyz aýakýalaň
gözi bilen görer seni,
dil, agyzsyz içde galan
sözi bilen görer seni,
aç sereder aç gözünden,
öýsüz öýsüz gözi bilen,
medalsyzlar medal gözi,
göýdük boýsuz gözi bilen,
kürsi üçin emedeklän,
ýaşan alym, berim bilen,
görer stol aşagyndan,
üýtgär diýme adam aňsat,
tama etme baş agyndan,
sakgalyndan, güri, selçeň,
ýalta bolsun ýa-da galjaň,
adam päli bilen görer,
gelýän, gitjek güýji barka,
geçen ýoly bilen görer,
ata-baba torç edilen,
käte giňän inçe ýoda
ýiten ýaly, ýa ýok käte,
ikem bolsa, bir gözli kän,
görmek işi kyn dünýäde.