7-nji dekabr, 2012.

Ýowşan Annagurban
Arzan adam
Sen özüň özüňi tananyňdan soň,
Başgalar ne diýdi, diýmedi näme?
Özünden bihabar ýok etjek bolar,
Meslekdeşin, bile münüp bir gämä.
Bolmandan soň dostsuran bor, ýylgyrar,
Diýer: “Walla, seresap bol, hatar kän.”
Adam arzan bolsa, arzanlar barha,
Hem bilmezden özün arzan satar kän...