Surat

Basylanyň bagty

Ýat illerde üýşüp ýatan ildeş ýok,
pikirdeş ýok, pikir alaýyn diýseň,
öýke, kine kime derkar, biderek
wagt ýitirdik, besdir, aklymyz ýetýär,
deň bolmaly, geçireli diýersiň,
alada bar, işimiz bar ullakan,
ýüzlerçe ýyl soňa goýlan, bitmedik,
ýigrenç bizi halas etmez, ýitirer,
gowuluga gol ýapaly hemişe,
sylagly, sypaýy boljak bolaly,
gybatçy, töhmetçi utansyn görüp,
çöp-çalama bulap bilse begenýän,
görünmäli, ýeke galsyn göreşde,
bizi arwah, özün saýan perişde,
diýersiň, gözellik halas etmese,
pikir, paýhas halas eder ymmaty,
halas etmez ýalan, çaman bor, hanyň,
gördük ozal ýeke çapylan aty...

Ýok, diýeniň aňlajak ýok, tersine,
ýuwaş görüp jogap bermän çekilseň,
azlyk etmez aýagyňdan asylan,
gowy bolsaň, bolsaň artyk sypaýy,
bu adatdyr, basjak bolar basylan.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024