Kazy fenomeni
Bu gün dyza çöküp baýdak öňünde,
kasam içen halal işlärin diýip,
ertir başyn sallap eli gandally,
boýun alsa günä bolsa dünýäde,
geň görýän ýok, döwlet äri şeýleräk
bolan ýaly, bolmaly dek hemişe,
belki, adat, hiç milletde bolmadyk,
hemme bilýär, aýdylýan söz nämeden,
ýa nireden habar berýär, satylan,
satyn alnan diplom, kürsi, wezipe,
ýalan, talaň ýurduň kanun-kadasy,
gör, nije ýyl, günde giňän ýodasy,
çaga-çuga, aýal-ebtat, garrylar,
ýok bu ýoluň goýjak adamy aýap,
ýöne özi gitjegi ýok iýeniň,
il yrsgaly beýle süýji zatmyka,
ozal biri, perişdedi ak saçly,
gara oýna giren gaşlaryn boýap,
tutulýan, basylýan köpeldi gitdi,
syrylan kellesin goparjak soňra,
ýer tapylsa eltip saljak ýer bolsa,
ýazyjylar ýazmaýarlar bu zady,
şahyrlaryň dili ysmaýar, meger,
ýa Hytaýdan gelen galama ýazyk,
ýazýar olar hakykatyň tersini,
žurnalistler, çapar bolmaly haka,
ýetimiň, naçaryň görmän görgüsin,
özi galsa, güni geçse razy,
hem geň ýeri – bir, iki däl ýazykly,
ezilýän, eziji, barysy kazy.