Surat

Nesibe

Russiýa gelen migrant türkmen rusça 40% düşünýärin, bir aýlyk wiza bilen geldim, galany nesibe diýdi.

Ol hökümet, bu hökümet, täzesi,
size hatda geçen asyr, okuwy,
ýazuwy bolmadyk çopanyň beren
işini-de berip bilmän entetdi,
öý dikmekden geçen garyp-gasara,
öýermekden geçen ýeke ýigidi,
müňläp ýykdy öý-ojagy, çagalar
ýetim galdy eneli ýa ataly,
ol hökümet, bu hökümet, täzesi,
iş ýerlerin ýapyp, çapdy paltaly
bag ekeniň baglaryny, üzümin,
ýok, gönüläp diýmedi ol halkyna,
ýöne diýmän diýdi: çekerin gümüň;
pasport satdy araçynyň üstünden,
çykalgada, girelgede talady,
para berip, tanyş görüp, ýalbaryp,
bergi edip, barýarsyňyz ýat ile,
yzda galan gözün dikip garaşar,
puluňyza özüňizden öňürti,
siz pidamy, olar pida, belli däl,
ýöne gowy dymarsyňyz agzybir,
geplän bolar haýyn, ýurduny satan,
eger-de nesibe, ýazgyt diýseňiz,
nesibe bor size şeýleräk watan...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024