Bar-ýoklar
Ýazyjysy bardy iliň,
şahyrlary bardy ozal,
uly, kiçi, hemmejesi
söz dälisi bolmasa-da,
bolmasa-da hak ýesiri,
şere garşy urşa çykan,
çekinýärdi ateist han,
'ýazyjylar, siz gerekli,
möhüm meniň üçin' diýip,
iki, ýeke gürleşende,
atlaryna goşýardy 'jan'.
Ýazyjysy bardy iliň,
kitaplary çykan ozal,
diňe türkmen dilinde däl,
il içinde ady belli,
ýa tanalyp başlan indi,
meşhur boljak ertir, belki,
baýrak alan käbirisi,
beýlekisi kürsä ýeten,
dil tansyny edip gowy,
kwartira, maşyn üçin
galmasa-da murtda towy...
Ýazyjysy bardy iliň,
abraýy, ady bardy,
gadymlardan gelýän, belent,
sözi bilen, sazy bardy,
tanalýardy aty bilen,
gyzyl haly, dünýä dolan,
buýsanjydy, bilinýärdi,
henizem bar, belki, ýazýan,
ýöne köplük gelip hanyň
guran duzagyna girdi.
Birleşdiler, tire-taýpa,
başga diýmän başyn egse,
aýlyk üçin, günlük üçin,
ýazsa diňe isleýänin,
halkynyň däl, begiň, hanyň,
iki-ýeke bozgak şahyr,
ýazyjydan ýüz öwürse,
garşy bolsa erkin söze,
han öňünde çöküp dyza,
ýazyjysy bardy iliň,
ýok etdiler özlerini,
eser ölýär galam ogly
iýse ýürek sözlerini.