Galjak zat
Sen nirede bolsaň bol,
sen nirede galsaň gal,
iliň üçin, talanan,
edip bilýän işiňi,
ertä goýma, etjek bol,
etjek bolma bar işi,
döwme urup dişiňi,
gaty daşa, adama
düşündirjek bolma söz,
düşünmejek düşünmez,
öz atyny çapar täk,
düşünjekler düşüner,
bilen bolsun, bolmasyn,
dynjyňy al ýorulsaň,
soň işiňe gitjek bol,
iş etmeýän, etmejek,
ýa-da işiň gabanýan
näme diýsin, diýmesin,
ne geňirgen, ne gynan,
bu bir durmuş, şeýleräk
boldy, ýene bolmaly,
adam öler, yzynda
diňe işi galmaly.