Surat

Esasy ýalňyş

Seni çagalykdan bäri,
ýaý edinip, göjek bilen
awlan serçe, gögerçiniň,
ýa-da soňky has ulurak
ters işleriň üçin däl-de,
tüpeň diräp pikiriňe,
düşünjäňe, kitap gözläp,
okan bolup ýalňyşanyň
düşündiren güni güýçli,
bilersiň iň agyr günäň,
ýa esasy jenaýatyň,
görüp, bilip galat atyn
sürenleri il üstünden,
saklamaga synanmakdyr,
ýaragy kän bolsa kimiň,
näme etsin, kösti ýokdur.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024