Gowy üşük
Iň gowusy üşügiň,
düşünmekde, megerem,
bolsa-da seň wezipäň,
nädip ýetdiň, bilýärsiň,
garşyňdaky adamyň,
ýa bir iliň, ezilen,
bolup biler başgarak
islegleri, pikiri,
belki, mamla, mamla däl,
duzak bolan şüküri,
Alla diýip, umytda,
aýtsa eger çekinip,
görüp onuň gorkusyn,
ýa-da iliň ýaşmagyn,
dalama sen adamy,
asty bolup paşmagyň.