1941-nji ýylyň ýatlamasy
16-njy oktýabr,
çykmajak gün ýatdan asla,
biri diýdi bu ömrümde
ýekeje gün hökümetsiz,
ýaşap gördüm başlyk-itsiz,
ýokdy birje milisge-de,
soň eşitdik bolan işi,
bolşewigiň döwüp dişin,
nemes ýetip gelýärmişin...
16-njy oktýabr,
irden çykdym köçä, görsem
myçyp barýar başlyklaryň
münýän gara M1-leri,
çemodana, halta gömlüp,
generallar gaçýar, arman,
soň beýleki ofiserler,
maşgalasyn alyp diňe,
gündogara göçýär durman,
öň diýenler diňe öňe!
Başlyk diýlen, biri galman
terk edýärdi Moskwany,
garasyny görmän ýagyň,
ýogsa ozal başgalary
ugradýardy öň hatara,
watan üçin baş goýmaga,
gadagandy tabyn bolmak,
ner niçik kyn bolsa-da hal,
atmalydy öz-özüňi,
ýesir düşmän, galyp ahmal.
Olar ozal gahrymandy,
ýüreklidi, namys hakda,
ar hakynda gürleýärdi,
arlaýardy serdar hakda,
16-njy oktýabr,
tutuş günläp ertesi-de,
işli boldy bary birden,
tomluklaryn Lenin babaň,
Marks babaň, Staliniň,
serdar diýmän, ýyrtyp-ýyrtyp,
dargatdylar urup ýere,
soňra oda berip çöpläp,
suratlaryn ýok etdiler,
a heýkeller, döwük-ýenjik,
zir-zibilde jaý tutdylar.
Biri diýdi düýn-oňňunam
partiýady daýanjymyz,
Stalindi buýsanjymyz,
birden bary, ýel ösende
uçan peşmek ýaly boldy,
ne çekist bar, ne milisge,
ozal durman gürleýärdi,
radio sessiz galdy...