Surat

Kim asy?

Adam kesbi ozalynda
dogurmakmy, öldürmekmi,
gurmakmy ýa ýumurmakmy,
otlamakmy, kül etmekmi el işin,
akyl işin, aň işini adamyň,
zorlamakmy ýeri, suwy, howany
awy, zäher goýup yzyňda diňe,
ezmekmi ol, ezilmekmi ölýänçäň,
ar almakmy, ýa-da ahmyrly ýaşap,
garaşmakmy günüň ýaşjak wagtyna,
iň islegli tomaşamy, arzuwmy
uruşdyrmak adamlary it ýaly,
baş egmekmi öňýetene, ömrüňi
düşemekmi edip, keçe ýa haly,
goşgy, gazal, kyssalaryň gözeli,
ussanyň ussady arzanmy şeýle,
näçe eser guma siňdi, peýdasyz,
harabada durup, surata düşýän
geçegçimi ýa-da geçenler asy?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024