Tankyt sapagy
Duşman bolup sagym, solum,
ýapylmasyn diýseň ýolum,
sen tankydy pikirlenme,
ýa bildirme pikirlenseň,
etjek bolma artykmaç iş,
başyňy at, ýaşa ýalan,
sorag berme eger-eger,
diýseler-de sora, pylan,
utan, çekin, üýşenen bol,
sada, samsyk saýmasynlar,
gülmesinler içden, daşdan,
düşünen bol, bilýänden bol,
bilmeseň-de näme hakda
galmagaly ulyň, kiçiň,
adamlaryň, ýesir alnan,
ýesir alan birlerini,
bolan bolýan düşünjeli,
alýan satsa näme güýçli,
ýa-da güýçli bolan bolýan,
ýa güýçliniň gurjaklary,
geý olaryň geý diýenin,
iý olaryň iý diýenin,
diý diýenin diý ýylgyryp,
diňle diýen sazyn diňe,
aýdymlaryn, gowy diýýän,
hiňlen, tans et gerek bolsa,
el çarpyşyň seniň başga,
ýat däldigiň görkezmeli,
ygraryňy ezijiňe,
başyň aşak, gözüň müýnli,
galdyrma hiç ýüzüň ýerden,
ýa-da öwren ýalan-ýaşryk
ýylgyrmagy, galkan ýaly,
ulan köpüň hile, oýnun,
ýaşama sen, ýaşandan bol,
towlanmasyn diýseň boýnum.