Durmuş sapagy
Adam pahyr, aýdypdyrlar birmahal,
döredermiş duşman baryn hatarlap,
bolmasa pul berip dogan-gardaşa,
el uzadyp entän, ýykylan gelse,
dost-ýar saýyp, diýip, belki, pikirdeş,
ýalan sözlerine ynanyp aglan,
gülen adamlaryň, ýel ýaly öwsen,
ýöne duşman bolarmyşyn mynasyp,
ýa ylaýyk döredeniň özüne,
soň ol zeýrenermiş boljagy bolup,
çykyp bilmän çukuryndan näkesiň,
elinde pil bolup, çuňaldan günde,
sen dogulan günüň başlanýar uruş,
bilseň sapak her çykan daş öňüňden.