Eýesiz halk
Saňa eneň ýasyn tutmak bolmaýar,
saňa ataň ýasyn tutmak bolmaýar,
ogul ýaly, adam ýaly, il bilen,
sebäbi döwletiň arly, kitüwli,
hak sözüňi geçirmedik başlygy
galan ömrüň ýas bolmagyn isleýär,
nökerleri bilen, ili agladyp,
basgylaýar olar däbi, dessury,
ýazylan ýa ýazylmadyk kanuny,
hiç biriniň sylagy ýok adama,
din ýa iman diňe diliň ujunda,
hapa çyrşap ata-baba adyna,
garalarlar baş galdyran tapylsa,
soňra halkyň ýeten bolmaz dadyna.