Jikjiki medeniýeti
Mesele olaryň ýurdunda däldi,
bolşewikde däldi, belki, hiç haçan,
sebäbi kän aý, ýyl geçdi, aýlandy,
kommunistler öňküsi dek häkim däl,
onda syndy, munda syndy, synagdan
geçip bilmän, galstugyn üýtgetdi,
açyklaşdy dünýä öňküsinden kän,
ogry güýçli, ogrulara daýanýan,
ýa daýanýan ikýüzli köplüge,
üstesine olar gaçdy tutulman,
urulmady, ýenjilmedi türmede,
başga ýurtda ýaşaýarlar, görýärler,
il üýtgedi, bukup bilýär ýigrenjin,
ýylgyrýarlar ýat, kesekä, tanyş dek,
utanýan bar öňki bolan zatlara,
arasynda kän bolsa-da egoist,
jikjiki az, edil beýle, aç-açan,
pitçiň atyp, öňe çykýan, diýilse,
diýmelimiş ähli gelenin dile,
günäleýän başga birin hemişe,
bir özi ak, bar gürrüňi boş hile,
öňküligin saklaýan az, bolmanda,
ýat, keseki bildirmeýär daşyndan,
emma olar, ýat illerde, başarsa,
biri-birin aýlap urjak başyndan.