Ýurt meselesi

Ýurda mydam şahyrlary gerekdir,
gerekdir bagşysy, sazanda bilen,
aýdyp bilýän il derdini, çekinmän,
ýa çekinip, bilip barjak ýerini,
çykarmadyk Nesimini ýadyndan,
olary ýok etmek, dymdyrmak ýa-da
gapy guly etmek, agzyn hapalan,
ýurdy, ili ýok etmegiň başydyr,
begenerdim bolsa bu gepim ýalan.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024