Ýigrenç sözi
'Eý, ol saňa ony diýdi!'
'Heý, bu saňa muny diýdi!'
Gürrüň gezýär arada kän,
kimi görseň müňkür, kim kän
ara bozmak oýnaýan dek,
gep getirýär, gep äkidýär,
içden bir zat goýmaýan dek...
'Eý, bilýärmiň, o birisi
etdi seniň gürrüňiňi,
birimişiň satylanyň,
daşarlaryk atylanyň,
ýumuş bilen aýratyn, bet,
öňýetene atyp töhmet,
bozýarmyşyň aralaryn,
açyp köne ýaralaryn,
ýykýarmyşyň ýeke-ýeke,
diýmän ýomut ýa-da teke...'
'Eý, o saňa diýdi pylan!..'
'Heý, bu saňa diýdi ýylan,
üç döwletiň içalysy,
dört döwlete işläp käte,
hiç çykarman özüň ýatdan,
eýer alyp at almankaň,
oýnan bolup ýykylany,
pida bolan bolup ýa-da,
bar niýetiň baýrakmyşyn,
ölmekmişin düşmän atdan!..'
Ne öňi bar, ne soňy bar,
kime näme diýilmeýär,
ýa adyndan kimiň, nämäň
edilmeýär haýsy gürrüň,
'Eý, ol saňa eýle diýdi!'
'Heý, bu saňa beýle diýdi!...'
Meger, başga mesele ýok,
iliň özi özün iýdi.