Durmuş

Durmuş, belki, inkär etmek,
inkär eden ýeli seni,
döşden itip, daş çykaňda,
inkär etmek eli seni,
tutjak bolan, itjek bolan,
atjak bolan çukurlara,
inkär etmek dili durmuş,
badyň aljak bolan seniň,
turmak her gün irden, säher,
işe gitmek, işiň bolsa,
ýok, bolmasa, iş açynmak,
inkär etmek işiň ýapan
adamlary, hökümeti,
aglamak däl durmuş asla,
pida bolmak pidalara,
gaharyna, ýigrenjine,
bahyllaga ýesir düşüp,
inkär eden özün ilki,
öz ömrüni ýele sowran,
ýaşap bilmän, özün gowran,
öz odunda köýenleri,
ýakjak bolup başgalary,
ýetim, ýesir hakyn iýen,
hakyn iýen naçarlaryň,
erkekleri inkär etmek,
inkär etmek aýallary,
azatlyga garşy durýan,
garşy durýan ýetim gyza,
gelin boljak. belki, ertir,
ene ertir, çagalaryn
adam etjek bolýan ölmän,
durmuş inkär etmek ýoluň
baglajagy özün bilmän,
inkär etmek güljekleri,
aglajagy urup, ýaryp,
ýaşamak ol ýatjak bolman,
işiň etmek irmän, aryp.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024