Gurjak oýny

Gurjak oýny dowam edýär, gelenler
ony diňe görmeli däl sahnada,
gatnaşmaly, oýnamaly rolun,
uly, kiçi adam bolup hakyky,
güp ynanyp agza salnan sözlere,
seretmeli garşysynda kim bolsun,
ynam bilen ynam doly gözlere,
ýa-da asla ynanmaýan adama,
gurjaklara, özi ýaly bezemen,
ýa adamyň söwer dosty, bedewi,
iti bolup oýnamaly bolsa-da,
ýa başga zat, taýyn adam, roluň
heý, ulusy, ýa kiçisi bolarmy,
çörek berse, azda-kände saklasa,
eklese näme üçin ýigrenjek ony,
gurjak oýny dowam edýär, gelenler
tä gaýdýança oýun eder bu oýny.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024