Öleniň yzyndaky şermendelik
The devil is in the details.
O bir öňki kommunistdi, sylany
Lenin bilen Stalindi, gan içen,
goly ganly bolşewigiň ýolunda
aýakgabyn tozdurypdy üç müçe,
dargaýança şer şalygy, göç geçip,
bagty gelip, işli boldy ýurdunda,
dagdy bolan kommunistler sürüsi,
gözleri aç, azat-erkin baý boljak,
hiç birisi artyk däldi, kem däldi,
bolsa, eli ýeten artykmaç aljak,
uruş turdy il üstünde, talanan
düşünmedi näme bolýar birbada,
biri-birin iýdi, gemirdi dostlar,
il ýüzüne intelligent, okuwly,
ýurt dargady, galdy diňe sudury,
indi käsin döwen bolýar käbiri,
indi käsin öwen bolýar käbiri,
belki, bilmän detallary, anygyn,
ýa göz ýumup, matlap oýnun oýnaýar,
o bir kommunistdi, işin ýitirip,
ýeke galdy, ýurt daşynda göreşdi,
özün aldap, ýok ýoldaşa bar diýip,
indi ýoldaş ýoldaş bolup bilmedik,
ili aldap, öwýär ony är diýip.