Özüň bolsaň
Nobody can save you but yourself. Charles Bukowski
Seni senden başga halas etjek ýok,
aýagyňa kakjak bolsa-da mydam,
kaýyl etjek, saýyl etjek al bilen,
zory bilen, zeri bilen aljaklar,
özüňi däl, erkiň ozaly seniň,
syndyrjak kän, muňa diýýärler adam,
çünki gerek ümsüm, sessiz gezeniň,
öz-özüňi el degmänkä ezeniň,
ýitireniň, ýok edeniň özüňde,
ýok, bu bolmaz diýseň, görkezer mahluk,
nämedigin ot ýakmagyň gözüňde.
Sen indi gutardym, galmaryn diýseň,
diýseň olar köplük, men ýeke, ýalňyz,
olar döwlet oýnun oýnarlar uzak,
seni senden edip özüňe duzak,
ýalňyz borsuň, ejiz borsuň bolsa-da
uzaklardan seni görýän, guwanýan,
ruhlanýan her bir aýdan sözüňden,
uçgun aljak ot syçrasa gözüňden,
sen az bolup, azlyk dälsiň düşünseň,
görseň olar köplük, emma ýüzi ýok,
pikiri ýok, üşügi ýok, sözi ýok,
şondan, belki, gaýtalaşyp boşlugy,
saýlar boşlar boşlugyndan hoşlugy.
Synan, bolma bolan bilen biderek,
başgany goý, öz-özüne bigerek,
süri bolma çopan, taýak gözleýän,
gara gorpa boş söz bilen sürülen,
gatylyp, garylyp içine iliň,
ölme ölmän, nämä gerek gyssanmak,
seni senden başga halas etjek ýok,
iň esasy özüň ýok etme özüň,
meýletin, mejbury, ýykylma aňsat,
garym gazyp, şirin janyňa dözüp,
goramaly öz-özüňi, bu uruş,
bu bir derýa, joşup akýan, küregiň
eliňde däl, ýüregiňde bolmaly,
beýniňde bolmaly gaýygyň seniň,
alyp çykjak o kenara bu çaýdan,
düýbün deşme onuň suwa girmänkäň,
seni halas etjek bolmaz ýok diýseň,
özüň bolsaň, ynan, boljak bolar kän.