Dogry, bu kyn
Dogry, bu kyn, çynyň aýdyp,
Näletlenmek, urulmak,
Başyň alyp gaçmak ýurduňdan, ilden,
Ýöne beterinden beter bar, ölmän,
Şükür et gutulsaň bir ýere gaçyp,
Hudaý seni ýaradandyr, belki-de,
Hakyň, hakykatyň üstüni açyp,
Görkezsin hem aýtsyn diýip garaňky,
Gara duman gaplap alanda gögi...
Eger ol seň diliň bilen söz däl-de,
Eliň bilen gylyç iberen bolsa,
Kalaşnikow asan bolsa egniňden,
Hanjar sokan bolsa gapdal jübiňe,
Hemem ýyndam maşyn berip münmäge,
Kowala, ýet, öldür diýip çynçyly,
Gora diýip ogrularyň şalygyn,
Buýran bolsa ýa-da duýdurman asla,
Aga-gara düşmez ýaly hiç haçan,
Aň, huş ýene üşük bermän ýeterlik,
Ýalňyş ýola salan bolsa näderdiň?
Ýa-da hudaý hak sözleriň ýerine
Kürsi beren bolsa ýumşak, owadan,
Hem saklanmak üçin ez diýse soňsuz,
Gorkyz diýse gözi gorkuzlan halky,
Naçaryň, garrynyň, çagajyklaryň
Rysgyny elinden gaňyryp alyp,
Keýp et-de gül diýse altyn diwarly,
Altyn basgançakly köşgüň içinde,
Näderdiň?
Ýa-da hudaý, işli bolup azajyk,
Sözüň bereketin bermegi saňa
Soňa goýan bolsa, ýa oňa derek
Parhsyzlygy, ýa ýüreksiz mahlugyň
Giňligini beren bolsa ölçemän,
Göterip bileniň al özüň diýip,
Iýip-içip ýatan bolsaň tapanyň,
Gurbanlyk mal ýaly bakyp özüňi,
Näderdiň?
Dogry, bu kyn, çynyň aýdyp,
Näletlenmek, urulmak,
Sürgünlere sürülmek,
Ýöne talaňçylyk edenden gowy,
Ýa-da gowy tomaşaçy bolandan.
()