Surat

Diýdiler

Näme etseň, az boljagyn bilýärkäň,
ýa bilýärkäň gol gowşurup oturyp,
tomaşaçy bolup, syýahat edip,
arasynda okap tapan kitabyň,
öz diliňde tapylmajak, bolmajak,
ilim diýip, gije-gündiz kösenseň,
aýtjak bolsaň azda-kände bileniň,
diýdiler ýa isleýänsiň wezipe,
ýa günüňe goýýan däldir ýalanyň...

Diýdiler bu şeýle gider, üýtgemez,
aýdylan-a kerwen geçýär it näçe
jabjynsa-da işin edip aç garna...
Diýmek, bu bir öňden gelýän ýörelge,
dumuş dowam edýär, a itler arman
kesbi-kärin dowam edýär dok ýa aç,
adam neden dymmalymyş balyk dek,
gözel il çapylyp, galýarka gallaç?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024