Guluň guly
Bergili däl hiç kim saňa,
aýlyklaryň paýlaşsaň-da,
ýa bölüşseň döwüm nanyň,
aç bolsalar, hor bolsalar,
dözmän, dözüp öz jübiňe,
dile almak aýyp muny,
bolmasa-da artyk zadyň,
karz diýip berseň hatda,
utanarlar biraz hemem
gaýtararlar diýip soňra,
emma hiç kim bergili däl,
ýa ýadyndan çykarandyr,
çünki ýene aljak bolsa,
biri ýakyn, beýleki ýat,
ýöne ykbal duşurypdyr,
borjuň uly, bir, iki däl,
hatar-hatar algylylar,
müňden geçer görseň sanap,
emma başa iş düşende,
dymar seni sessiz gynap,
gaçsaň taşlap eneň, ataň,
ýat illerde bolsaň bendi,
begener kä bergililer,
boldy, gelmez diýip indi,
hiç kim saňa bergili däl,
sen bergili, borjuň uly,
ýürek-bagryň daş etmeseň,
galsaň bolup guluň guly.