Ýoldaky gykylyk
Uly ýolda, sagdan, soldan gyssanyp,
signal berip, ýa duýdurman öňüňe
geçjekleri goýberersiň ýetişseň,
ölüp-öçüp ýetjek ýeriň bolmasa,
ýa garasaň ýaşaýyşa başgarak,
arasynda sögünseň-de gelşiksiz,
işi bardyr diýip aklarsyň käte,
bihaýalyk edip geçip gideni,
sen öz-özüň aýamaly, gitmeli,
etmeli işleriň etmekçi bolsaň,
gykylyga, galmagala seretmän,
üstesine ýolda ozan eglenmez,
gözden ýiter öňde bolmasa dykyn,
ýa dykyna sebäp bolan hadysa,
emma durmuş diňe ýol däldir uly,
ýodalary bardyr inçeden-inçe,
kä daş basan, kä gum basan, ot ören,
onda kän bor kowup tutjak pul, maly,
şan-şöhrady, göterjekmi, maýryljak,
bilip, bilmän, ýetişjek bor, aljak bor,
bir özüne galan ýaly galjak bor,
çägi ýokdur samsyklygyň, nebisiň,
çekilmeseň, goranmasaň, adamlar
çykmaz ýaly eder ölýänçäň sesiň.