Sadaka samsyklygy
Ýeke günüň gürrüňin et,
zäherlenen, awy bolan,
gürrüňin et ýeke gijäň,
çiş kakylan gözlerine,
bir-ikiň däl, ulus iliň,
kim bilmeýär zorlugyny,
döwlet diýlen gara siliň?
Türme eden tutuş ýurdy,
açar berip ganhorlara,
doýmaz-dolmaz ajy goldan,
kim bilmeýär terrorçyny,
emel ýeten, eden-etdi,
düşünmeýär kim bu zara,
kim nirede nädip ýitdi?
Sakyrtga dek, iş adamy,
biznesmenmiş, kimiň kimi,
aýryp bolmaz bir ýapyşsa,
emma döwlet görmez kemi,
kemçiligi, hakyn alyp,
basgylar ol ilin beter,
bedasyly ýurda salyp.
Soň sadaka berer zalym,
ogurlanan maldan, dogry,
düzüwleri itip aňryk,
ýetim, ýesir, ezileni
görmez ýaly şowa Taňry,
äýnegi ýok, ýok dürbüsi,
interneti petiklenen,
açjaklary urup-ýenjip,
goňşy etseň doga güňe,
yza ýol ýok, gitmeli bor,
aýdym aýdyp, diňe “öňe!”
Ýeke günüň gürrüňin et,
bir-ikiň däl, gorkan iliň
bütün ömrün zäherlänler
zäherlärler özlerin-de,
çagalary bilen bile,
sadaka kän kömek etmez,
kömek etmez hiç bir hile,
ynanmasaň, dowam etdir,
kast etmegiň tutuş ile!