Gyrylýan il
How alone I am, no mother, no father… Louise Glück
Ses edip bilmedik, ejemiz gitdi,
bagyryp bilmedik, kakamyz gitdi,
agymyz daş bolup, ýürekde galdy,
gitdi dogan-gardaş, dostlar, ýakynlar,
tanyş-biliş, nätanyşlar, sylanan,
görünip bilmedik, baryp bilmedik,
jaň edip bilmedik, bilmedik ýazyp,
ýapylan döwletde, içinden zalym,
ulus-ili gyrýan, kagyzda alym,
daşyn gallan ikiýüzli ýazyjy,
hantamalar, gargyş edýän gazetde,
köşk şahyry, medal aljak, ýazypdyr,
baş egmeze pitjiň atyp yzyndan,
“agysy ýok ýaslarynyň” diýipdir,
ady şahyr hemme goşgy çyrşanyň,
sessizleriň sesimişin, eý, Alla,
gözsüzleriň gözümişin, eý, Alla,
gulagymyş körleriň ol, goşgusy
“şa şahyryň” goşgusynyň dowamy,
ruhnama nesli, galamy ýiti,
adamlary itip, wasp etdi iti,
hemmesin däl, saýlap alyp, elbetde,
galanlary zäherlendi, atyldy,
agla eger kömek etse Ýaradan,
gyrylýar il, uruş-gowga gerek däl,
gidýär sessiz, ýagyş-garda, çäreden.