Jogapsyz sorag
Bu türkmeniň çagasyny
nä günlere saldy döwlet,
ikilikçi, ikiýüzli,
awy etdi, gör, kimleriň,
gul-gyrnagyň iň arzany,
gedaý etdi ili döwlet,
basgylady ýurt içinde,
basgylady ýurt daşynda,
bu türkmeniň çagasyny
göýdük etdi ýaş başyndan.
Nirelerde ýykdy döwlet,
nirelere dykdy döwlet,
bu türkmeniň çagasyny,
haýsy mazar nirde galdy,
nädip öldi haýsy çaga,
ýa-da nädip geldi muňa,
haýsy ene nädip ýandy,
haýsy ata nädip köýdi,
öz wagtynda okamadyk,
ýa-da okan başga zady,
neşe çekjek, arak içjek,
namys üçin turma derek,
durmalyda durma derek...
Bu türkmeniň çagasyny
nä günlere saldy türkmen,
para aljak, eli ýetse,
azaşdyrjak, dili ýetse,
hiç müýni ýok, emel ýeten
biri-birin iýjek bolýar,
diýmelini diýmez, emma
diýmesizi diýjek bolýar,
böljek bolýar, birleşdirjek,
birikdirjek bolmaýar ol,
bir türkmeni, bir naçary
goragyna almaýar ol,
aşak basýar, galsa ýerden,
garalajak bolýar beter,
bu türkmeniň çagasyny
türkmen gelip gorpa iter,
döwlet boldy azgyn, azar,
bu türkmene başgalar däl,
öz döwleti boldy mazar,
öldürer ol goýman birin,
eger uzak galsa diri...