Emeldar

Aýlygy az, içi arly, gaharly,
manat alýar, kursy iki dollaryň,
öýünde goh-galmagaly ýeterlik,
pul üstünde barýar raýat urşy,
a işinde ýonmak, almak göreşi,
paýlaşmaly başlyk bilen awuňy,
başga ýoly görünmeýär durmuşyň,
o birisi pasport alyp, gitmekçi,
beýlekisi birçak gidipdir çykyp,
başga ýurduň raýaty, pasporty
görkezse-de ýerligini, -owiç däl,
-ýewini ýa -owun ýok eden öňki,
kagyzy bar, ýat dillerde ýazgyly,
yrsaraýar, sorag berýär hüňürdäp,
näme üçin beýle, üýtgeşik seňki,
bar, git, getir, täze möhür basdyryp,
o sözlemi beýle bolsun, eýle däl,
ýüz dollaryň çyksyn diýýär içinden,
eger maňa elli dollar bermeseň,
ynanmarsyň dolanmasaň ýurduňa,
ýene baryp, gözüň bilen görmeseň.

Işi däl oň kim gidipdir, gelipdir,
iki günlük myhman bolup yzyna,
ejesi ýogalan, kakasy hassa,
ýa-da öýlenipdir kimiň gyzyna,
işi däl oň kime baran, çykany,
başga birniň maşgalasy, çagasy,
ýok, ol şahsy meseläni bilmeýär,
ýa işini, durmuşyny özgäniň
öz mellegi hasaplaýar, depmeli,
agdarmaly, islän zadyň ekmeli,
bilmeýär ol mertebäni, namysy,
ne özünde, ne başgada, nämemiş,
iller ýaly ýaşamaly, almaly,
pul, girdeji oňa iliň toý-ýasy,
ýurdun ýere sokýar nepine çapyp,
agzyň açsaň, ýene sen borsuň asy.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024