Meniň ýeňlişim
And we shall be dangerous. Khalil Jibran
Bu bir biziň ýeňlişimiz bolmady,
diňe meniň käbäm enem ölmedi,
iliň ýary hassa boldy öýünde,
ýary geçdi türmelerden, sürgünden,
çörek atly bolup, millet pyýada,
döwlet terror, eli ganly gul boldy,
gulçulygy dakdy halkyň boýnuna,
käte altyn zynjyr edip, käte aç,
gowurdagyn, jigirdegin ogurlap,
pagta sürüp, zawut ýaga zar edip,
diňe Bäşim kowulmady işinden,
mekdebinden, 46 ýyl dikelden,
ulus ili ýere sokdy KGB,
iliň özi goldaw berdi jellada,
ýary bilip, ýary bilmän, gorkudan,
her bir ene bogulanda öldüm men,
her bir ata depilende entedim,
her bir çaga kemsinende gözlerim
gubar aldy, dumany dek daglaryň,
ilim bilen bile çekildim dara,
ýat illere gaçyp, gutulyp bilmän,
bu bir biziň, Annagurban aganyň,
on ýyl berlen, ýeňişlişi bolmady,
ulus iliň köýdi namysy, ary.
Pikirimiz bardy, ýagşy, elbetde,
ile-güne bolsun diýýän, bize däl,
bir özümiz iýjek däldik bukulyp,
şonuň üçin ýazdyk, aýtdyk aç-açan,
düşünişjek bolduk başynda iliň,
gara güýjüň zory bilen saklanan,
gara nebsiň guly bilen gürleşip,
emma beter boldy, syrtmak syryldy,
ogurlyk et diýdi, eliň uzasyn,
a men näme diýsem, dilim uzasyn,
başymyzy egmän, başlyk gorkuzan,
bolşewik gorkuzan nesilden bolduk,
asylmaly adamlardyk türmede,
atylmaly adamlardyk aslynda,
emma Alla, Hak, Ýaradan gorady,
ýa KGB aljyrady, çekindi,
ýa kän boldy işi mekdep ýykanyň,
para-peşgeş çöpläp, basyp müýnüni,
gaçdyk, emma bu bir bizi ýykmady,
urdy iliň ertirini, düýnüni...