Garyp gyzyň nalasy
Okuwa gelen obaly gyzyň gündeliginden alnan goşgy
Garyp gyzyň parasy ýok, parasy,
okuw diýýän ýüregi bar, Aşgabat,
yhlas bilen okajak ol, durjak däl,
azabyna, zähmetine berilse,
adam boljak, tahýa geýen gurjak däl!
Garyp gyzyň badyn alma, Aşgabat,
durmuşynyň dadyn alma, Aşgabat!
Bilim aljak ýurdy üçin çagalar,
bilim aljak özi üçin çagalar,
emma garyp, ene-ata ýer-ýesir,
ezip-ezip ýadamady agalar,
beýle-de bir pese düşmek bolarmy,
öz ýanyndan arkamyda-dag olar...
Garyp gyzyň badyn alma, Aşgabat,
durmuşynyň dadyn alma, Aşgabat!
Özi üçin, adam ýaly, egilmän,
dünýä gelen ýaşamaly döwülmän,
dogulmady gyrnak bolup ýat ilde,
dil açanda urulmaly öwülmän,
öz ilinde gyrnak etme gyzlary,
el – kesewi, saçy – sübse bolmasyn,
arzan etme öňýetene uzlary,
gözel gyzyň badyn alma, Aşgabat,
durmuşynyň dadyn alma, Aşgabat!
Günäkärmi eger ene-atasy
goşulmasa ogurlyga, talaňa,
besdir, ili itden beter dalama,
her bir gyzy ýer edeňde basgylap,
bir enäni ýok edýärsiň, çagasyn
başa deňäp, ak ýollara atarjak,
ýa niýetiň ýamanmydy, Aşgabat,
ýa meslikden öz bagtyňy ýatyrjak?!.
Begenjekmi işsiz galsa birigün,
mätäç bolsa, elin serse köçede,
äri ursa, taýak döwse başynda,
ýa syrtlanlar halka gursa daşynda,
ýa ýat ilde hapa atsa, kir ýuwsa,
abraýmy, mertebäňmi, Aşgabat,
sen özüňi ýok edýärsiň her gyzda,
bagtyňmy şu, tapmadyňmy başga bagt?