Ýitirilen nesil

Adam 30, 35,
40 ýaşapdyr, maşalla,
emma beýni ýuwulan,
atam diýýär ezijä,
gülüp, aglap ýalandan,
gedaý eden halkyny,
şahyrmyşyn şermende,
ýazyp berlen setiri
dogry okap bilmedik
boldy bu gün nusgawy,
kimiň tapan sözi bu,
ýitirilen nesiller
gowy görýär henizem,
hudaý bolup oýnany,
ölmejek dek kowalap,
sen hudaý däl diýeni,
salan ilin dowula,
zäher edip iýenin...

Adam 30, 35,
40 ýaşapdyr, maşalla,
atam diýýär ýalança,
ilin talan, talanan
ozal gelip daşardan,
adam saýýar henizem
ogurlany wagtyny,
tüýs okajak, öwrenjek,
baky beýik diýdirip,
batga edip bagtyny,
ilin eden ýer-ýesir,
öldi, ýöne gitmedi,
atam diýýär oýnalan,
köpeldikçe dul, ýetim...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026