Dogan dogasy
Doganlaryň, bir atadan, eneden,
bir ojakdan ören, bile ulalan,
goýun bakan, pagta ýygan meýdanda,
döwüm nany, çallyk süzme bölüşip,
garyp öýde, gaty kilim halyka,
iň ýakynyň, iç döküşen hossaryň,
doganlaryň dostuňmy ýa duşmanyň,
bu gandan däl, adyndan däl ataňyň,
uly ýolda päl-niýetden biliner,
oglan bolsaň, düşünmeseň başga gep,
ýöne soňra öý bolarsyň aýratyn,
belki, işik bir bolsa-da birsellem,
aýalyň ýa adamyň bor, çagaň bor,
sen görersiň, görer seniň ýoldaşyň,
iş ýüzünde, bir dilde däl, gepde däl,
tötänlik ýa säwlik diýme garaşman,
aş bereniň awy edende aşyň,
çykar belli netijäni, karary,
näme diýer diýme ýakynlar, ýatlar,
utanma sen utanmadyk dogandan,
doganoglan, dolanandan, çykandan,
inileriň, daýylaryň, ýegenler,
ýa daýzalar öz borjuny bilmese,
ýa-da bilip, kast etseler edenim
bilmez diýip, samsyk saýyp, ýa bilse,
alajy ýok, bolmaz gülki bolasy,
doganlaryň dogan bolup bilmese,
saçak ýazyp, duýma soň özüň asy...