Könelmeýän strategiýa
Iki adam uruşsa, öter ýaly ýol berme, Ol birine gep berip, bu birine al berme... Mollanepes
Şahyr aga, bu gepiň
örän gowy, owadan,
ýöne durmuş özgerýär,
duran suw däl gowada,
düýn çekilip guýudan,
durlanmaýar durdukça,
käte beter bulanýar,
gybat bozýar dünýäni,
nebis diňe goşun däl,
galat sözi ulanýar...
Güzeran kyn, mal gerek,
näçe bolsa pul gerek,
ol adamy, itleri
uruşdyryp oýnaýar,
hezil edip, bähbidiň
etdirmejek zady ýok,
nöker bolýar aam adam,
täzelik däl, ozaldan
gelýän adat, gaçda-ýet,
bir bolmasyn ikisi,
agzyn alart, höküm et...
Divide et impera,
bilinmeýän oýun däl,
kitap gatyn açan kän,
kowalan kän, gaçan kän,
tutulan kän, elbetde,
uruş, gowga içinde,
geçdi, geldi şu güne,
ýöne geçmiş aglaýar,
yzymyza seretsek,
üstesine tebigat,
bulutlary göwreli,
derýalary däliräp,
diri galsaň suw joşup,
ýagy bolsa goňşular,
gaçsaň, göçseň ýurt aşyp,
öri gözläp malyňa,
Garagumda gara gün
ýaran bolsa gülmeli,
günde turup, gijeden
etjek işiň bilmeli...
Divide et impera,
belki, nebis binýady,
dogan bilen dogany
gürleşmäge goýmaýar,
birleşmäge goýmaýar,
tire, taýpa düşünip,
seretmeli ertire,
geçmişe däl, bolmaýar,
diýýär biri bir sözi,
beýlekisi ikisin,
ömür ýatdan çykmajak,
soň ol wagşy, bu nadan,
düýn basmaçy, ýaragyn,
atyn alyp elinden,
bu gün bir däl, gaty kän
gorkýan özi dilinden...
Divide et impera,
agzyn alart, höküm sür,
ýak kitabyn, depderin,
mekdeplerin tekizle,
okamasyn, bilmesin,
täzeden ýaz taryhyn,
kitap bolsun başgaça,
bassyn başyn, galdyrman,
böl içinden milleti,
tire-taýpa, maşgala,
gürleşmesin, bilmesin,
ýa görmesin görse-de,
ýetip gelýän belany,
ýalan diýsin aýdylsa,
tanamasyn ýagşyny,
aýamaly hemişe,
ýaman näme, bilmesin,
gowy diýsin erbede,
gorkanyny sylasyn,
ýesir düşsün düşünmän,
divide et impera,
çapýar depip böwrüne,
at edinip mugtuna,
aljyrany jylawlap,
ýykýar münüp, ýa münmän...