Çüýrän sal
Adam aýtjak, diýjek bolýar,
gidip gelse bir ýerlere,
iň esasy iýenlerin,
restoran gözläp günde,
gowusyndan gowusyny,
içen çaýyn gürrüň berýär,
ýa kofesin her gün säher,
aýry-aýry kafelerde,
näme pikir etjek diňlän,
ýa-da güljek soňra, bakman,
adam aýtjak bolýar hökman,
iýen-içen nahar, çaýyn,
edilen dek ajaýyp iş,
ýa üstünlik ýaly uly,
agram goşjak agramyna,
bildirmeli, güldürmeli,
öz göwnüni hoş etmeli,
syýahatyň manysy şu,
maksady şu, gidip, gelip,
suratlaryň görkezmeli,
öwünmeli öwünmän kän,
gezim edip harabada,
ozal bolan merkez, ganly
uruşlarda gazanylan
ähli ýeňiş seňki ýaly,
bu bir tire gylygy däl,
belki, uly il ahwaly...
O birine, bu birine
aýdyp berip diňleseler,
hä berseler haýran galyp,
çynmy, ýalan, ýylgyrsalar,
bolýar, gowy gürrüňdeşiň
pully bolsa, dilli bolsa,
iýip, içip islänini,
gidip, görüp daş ýerleri,
gürrüň berse, kem galmasaň,
kanagatyň ýetse gelen,
galan ýeriň bolýan bolsa,
mesele däl, adam ala,
pikir ala, mesele bu,
hoş geldiň, mün çüýrän sala...