Adalatyň ady bilen

Öň KGB, NKVD,
adalatyň ady bilen,
baýlar, begler diýilýäni,
orta daýhan, altmyş, ýetmiş
goýny bolan adamlary,
duşman diýip tutdy, atdy,
sürgün etdi galanyny,
talap alyp elegini,
repide, kendirigin,
ýalan sözläp, ösüp batly,
galdyrmady ýeke atly.

Indi başga, pagonlylar
baý diýilýän, beg diýilýän,
ýa gurplanan adam görse,
emel ýetip, ýa arkasy
güýçli bolup, ugrun tapyp,
galan görse basgançakdan,
hyzmatynda durýar ylgap,
ýapýar bolsa jenaýatyn,
a goragsyz, pukara il,
adalatyň ady bilen,
boldy öňki alnan aty,
aga boýap demir atyn...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026