Çaýyrçy şahyr

Oba görýär, kino ýaly, uruşly,
bir-biregiň açyk, ýapyk aýbyny,
hem garaşýar o birleri, bu biri
näder indi, nirä barar suw diýip,
bugdaýa tutulyp, gandyran çaýry,
käte başlyk täzelenýär, elbetde,
öň don, telpek, soňra papak geýildi,
üýtgäp durýar hasapçylar, beýleki,
ýöne durmuş üýtgemeýär, öňkülik,
ýene arçyn edenini edip ýör,
ýerli ýene ýerli bolýar, ýersizler,
suw ýetmedik bolýar ýene günlükçi,
täzelik däl, bal tutanyň barmagy,
iň ýakyna, ilki özüne gerek,
o bir öýde diňe çaý bilen çörek,
bu bir öýde günde palaw ýa börek,
oba görýär, kino ýaly durmuşy,
garaşýar ol, belki, geler gyzyllar,
aklar gaçar, soňra bolar hezillik,
baýyň maly, begiň maly alynar,
ezenegi galar, bir gün ezilen,
ýa-da onuň ogly, gyzy dikeler,
ýagny, bir gün bar zat ýerbe-ýer bolar,
ähli zadyň çägi bardyr, şükür et,
hem garasy, hem agy bar her iliň,
diýýär şahyr kanagat et, oragy
diliň bilen orsaň, agyrmaz biliň...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026