Baş sebäp
Näme üçin hökümet,
ýa baştutan döwletde,
görnüp duran kezzaby,
ýalançyny goldaýar,
ýaranjaňy goldaýar,
aşakdan ýa aç-açan,
öňe çykýar iki ýüzli,
messepsizler sürlenip,
baý, beg bolýar bolmasyz,
işi bolup oňuna,
dogry, düzüw maýrylýar,
görýär muny hemmeler,
näme üçin gerek bu,
näme üçin baýdak olar,
açyk, ýapyk söweşde,
elden ýere gaçmaýan,
sebäbi pes, açgöz süri
bolýar jebis, köp getirýär,
baş başlyga göwher, düri...