Guzy güni
Sen mesele baş göterseň,
il çekýärkä ähli gepi,
ýa çözýärkä meselesin
berim bilen, peşgeş bilen,
diýdi garran professor,
dynar diňe irräk ölen...
Garadonly borsuň görseň
iliň görüp, görmeýänin,
geplän günüň borsuň şeksiz
ilki jeza berilmeliň,
toba edip, köýnek ýaly,
diýlen çöpde serilmeliň...
Diýmez ezýän gaty gitdim,
ýa ejize sütem etdim,
ölüp ýeten kürsüsini
aldyrjak dek gorkar günde,
başga niýet görmez sende,
dowul basar, ýatyp bilmez,
öç almasa ýüzi gülmez...
Bir, iki däl, bary göýdük,
uly, kiçi emelliniň,
iň ýokarky egri bolsa,
açgöz bolsa, bozýan diýmez
kanunlary öňki, soňky,
diýmez asla men günäkär,
sen çekilseň yza, belki,
görünmeseň ýolda, yzda,
düşüşer ol, dem alarsyň,
ynjalarsyň açsaň ara,
ýöne soňra düşünersiň,
köpelendir dost däl, duşman,
ahmal bolsaň tutar olar,
atar olar zyndanlara,
sebäp pullyň eli uzyn,
pida borsuň ömrüň boýy,
ykbalyny alsaň guzyň...