Lider syry
Eger seniň gol astyňda işleýän,
ýa yzyňa eýermeli bolanlar,
ulalmasa, has ýürekli bolmasa,
öwrenmese öz hünärin has gowy,
gurplanmasa il malyna el urman,
öňki, soňky höwesini ýitirse,
okamasa, gözlemese, göýdügip,
ösmän galsa gypjyn-gypjyn on ýyllap,
bu gün näme diýer başlygym diýip,
tapar diýip ýene haýsy kemimi,
ýa-da kimi küşgir diýip üstüme,
eli depderçeli, alman demini,
aýdan sözüň ýazan bolsa ýalandan,
aýdyldy ýa aýdylmady, parhy ýok,
sen lider däl, ulanýarsyň adamy,
yza çekip ulus ili, birin däl,
bar aladaň aşak basyp saklamak,
hem aklamak özüň kowaňda ony,
ýapjak bolup görnüp duran açygyň,
çopan goşunda-da bilýän kän muny...