Surat

Miller hakykaty

Ýüz ýyl geçer, ýa iki ýüz,
bolşewikler dargar bir gün,
çünki hiç bir bol serişde,
ýere-göge sygmaz bolan,
ýetmez garnyn doýurmaga,
akyl-huşsyz, aç süriniň,
soňra geler hassa bolan,
görmejegin gören nesil,
synanyşar üýtgetmäge,
bir zatlary çyny bilen,
emma bolmaz, köp asyrlyk
güýçsüzligiň güýji uly,
ol ozalky ateistler
basyp aldy ähli puly,
boldy hajy, haýran iller,
mamla eken diýdi biri,
bilýän eken diýdi Miller...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026