Köşk şahyrynyň pelsepesi
Ýaman habar getirme,
çyn bolsa-da ýüz gezek,
göwnün awla boşlugyň,
ýaşam bolsa, diý däde,
pikir etde hoşlugyň,
ýaşajak bol rahat
iki günlük dünýäde.
Halamazlar, kyn bolar,
alma başa gowgany,
günäsini göterme,
ýok araby, owgany,
erbet habar getirme,
aýdyp, diýip, käkeläp,
heläk etme özüňi,
gözli bolup, görmese,
açjak bolma gözüni,
eşitmese gulakly,
damak ýyrtyp bagyrma,
ýatan bolsa oýalar,
horaz bolup gygyrma.
Erbet habar getirme,
gaýgy edip iliňi,
güýç-gurbatyň ýitirme,
bükme artyk biliňi,
gandal bolma eliňe
daňyp sakla diliňi,
girme gara zyndana,
niýetine meňzeşdir,
gapysyna duranyň,
çykmak bolar hyllalla,
çäräň ýokdur milletiň
ýatyp garaşsa alla.