Hakyky saýlaw

Eger iliň para ýolun saýlasa,
berim ýolun, peşgeş ýolun saýlasa,
saýlap alsa almak ýolun berenden,
gorkup ýa-da mejbur bolup, alaç ýok
diýse iliň, ynan onuň sözüne,
din-imany dilde bolsa köplügiň,
oýun bolsa ýazylmadyk kanunlar,
ýaz ýazylan, diňe kagyz göterjek,
biz üçin däl diýse iliň goranyş,
raýdaşlyk, bir-biregi sylamak,
ynan oňa, tanyş ýa-da nätanyş...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026