Oýlanýan adam

Bakma onuň ýuwaş, sessizligine,
Işsiz ýa okuwsyz, baş egip oňsun;
Adam özün halas etmek, gutarmak,
Goramak ugrunda oýlanýar soňsuz.

Ol görýär hem bilýär, dogrusyn aýdan
Nämüçin güýç bilen basylýar aşak.
Ýöne başga degen taýakdan gorkup,
Bilmeýär näçeräk biljegin ýaşap.

Ol düşünýär ýa-da düşünjek bolýar,
Ýalan hüjümini kesmeýär bir dem.
Emma oňa garşy çykyp aç-açan,
Ýykylsa, galmasy kyn boljak ýerden.

Şondan elin çarpýar bolgusyz gepe,
Şondan gülüp bakýar ýalançyň ýüzne.
Herhal onuň garşy durýanyn gorka,
Görersiň siňeräk seretseň gözne.

Her obada, her şäherde kapasa,
Gözenege sygmaz adam bar näçe?
Olary aldamak aňsat däl asla,
Näçe harpyk diýip gygyrsaň çäje!

Ýöne soňy gelmez zulumyň bir gün,
Zynjyryny gyran köpelip birden.
Ol yzyna teser diňe her adam
Öz-özüni halas etse hederden.

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024