Köne tort
Adamlar bu torty ozalam iýdi,
Özem bir gün, iki gün däl, hepdeläp,
Aýlap, ýyllap iýdirdiler zor bilen,
Iýmejek bolany etdiler heläk.
Adamlar bu torty ozalam iýdi,
Çünki berýärdiler agzyňa dykyp;
Ýöne ony iýip, siňdirip bilmän,
Käbirleri gaçdy obadan çykyp.
Adamlar bu tortdan doýdular gäbe,
Hatda ondan aşa düşen, ölen bar.
Ýaşlyk edip, tortdan gutuljak bolup,
Gerrä urup, ölmez-gülmez bolan bar.
Bir gün ussat tortçy ýykyldy dadyp,
Öz tortundan, uýup özgäň sözüne.
Adamlar begenip jaýlady ony,
Zoraýakdan ýaş inderip gözüne.
Arman adat, tortçy gerek her oba,
Ýene biri orta çykdy abşaryp.
Adamlar diýdiler: “Muň torty, belki,
Özalkyňka görä bolsun ýagşyrak.”
Täze tortçy adyn üýtgedip köne,
Wagty geçen torty getirdi bezäp.
Adamlar ýene-de iýdi o torty,
Sebäp durdy tortçy taýagyn gezäp.
Adamlar bu torty ozalam iýdi,
Sebäbi iýmedik bolýardy duşman.
Öz obaňda duşman bolup ýörenden,
Tort iýeniň gowy etseňem puşman...
()