Üýşenen ýylan
Öňki bolan zady geçirse bolar,
ýaşlykda nämeler etmeýär adam,
ýa-da jahyl, ak girse-de, aň girmez,,
ýa ulalyp, oňalmajak hiç haçan,
ýa nämeler etmez aňkasy aşan,
ýa nämeler diýmez, agzy açylsa,
öňki sowet adamlary, azaşan,
kitüw, kine saklap ýörmän içiňde,
ýada düşse, ýüregiňi çişirip,
münen ýaly mydam ýany paltaly,
öz gämisin çapan bilen bir gämä,
beýniňi zäherläp, gazanjak näme?
Öňki bolan zady unutsa bolar,
belki, unutmaly başarsaň derrew,
ýyllar geçýär, ýaşlar könelýär barha,
ölýär, ýurdun täzeleýär deň-duşlar,
bir zaman kast eden, göwnüňe degen,
aýakdan aslyşan, arkaňdan sögen,
ölse, bir obada, şäherde bolsaň,
görünse-de bolar ýerine, geçir,
iller ýaly, adatmyşyn, däpmişin,
wah, gowudy, gowy gerek hudaýa,
diýen bolup, gynansaňam aýby ýok,
ýöne öňki bolan zady geçirseň,
käbirleri pikir edýär: bilenok,
ýa-da bilip, gorkýar, agzy uçukly,
düşüneneok olar, işiň bolsa kän,
diýýär hemme işsizmikän...
Bolmaly zat, bolan hemem boljak zat,
bu bir durmuş, ýalňyşlyk däl, utanyp,
uýalyp ýörere esas ýok munda,
ýalan sözle, ogurlyk et, adam sat,
azgynlyk et, seniň işiň, tutulsaň,
ýöne hezil saý-sebäpden gutulsaň,
wyždan azabyny bilmeýän bolsaň,
deň adam sen, kimmişin ol arassa,
ogurlyk hakynda gürrüň ederçe,
ýa agzarça bozuklygy, gomalyp,
töhmet atar öňki kezzap, gutulan,
dogry, pully, emma biraz utulan,
oýnan oýny garşy bolan özüne,
indi diýýär, walla, pismydan, pylan,
öňki bolan zady geçirse bolar,
ýöne düşün, çakar üýşenen ýylan.