Ýerdäki jennet

The paradise of the rich is made out of the hell of the poor. Victor Hugo

Etseň gürrüň, diýseň gülki bu zatlar,
sada bolýar adam ogly, ençeme
otdan, suwdan geçip, aldyrýar ýene
hasasyny elindäki ap-aňsat,
adam adam bolar diýip umytda,
jadylanan ýaly, gözlerin açman,
itdirýär ol özün erksiz mal ýaly,
oglanjyga, çaga, nogta salynan,
ýa alynan gözde ody bireýýäm,
zat gerek, at gerek, arzan, hantama,
ýyly söze pagyş-para ereýär,
kast etmezler diýýär, ýüzde-göz bolup,
ýa tanaman, awa çykan aldajy,
syrtlan ýaly, süri bolup topulýan,
ýeterlig-ä ýaşamaga jennet ýer,
emma kime nesip ýerdäki jennet,
wadasy däl dindarlaryň, owadan,
garyplaryň maňlaý deri, azaby,
gurulan, belki-de, dowzahy bilen,
ogurlanan haky bilen naçaryň,
kanun diýseň, ynsap diýseň, gülerler,
sadalygyň çeni ýagşy, görünýär,
döwlet ölýär pesin saýlap adamyň,
gowusyny zyňyp hapa çukurna,
muny birçak aýdyp geçen köneler,
täzelik däl, ýok aslynda täzelik,
halas etmez “aý, bolýa-laý”, “ýöneler”.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024